top of page

MANYSY
BARADA

Seniň durmuşyňyň her gününi manysyny berýan Biri bar!

Ol hemişe seniň ýanyňdadyr!

BIZE ÝAZYŇ

Habar iberildi!

HUDAÝ ÝARAŞMAK ÜÇIN HEREKETLERI

1. Hudaýyň siziň durmuşyňyz üçin plany - parahat we ýaşaýyş

Hudaý sizi söýýär we siz Onuň parahatçylygyny we ýaşaýyşyny özüňizde duýmagyňyzy isleýär.

 

"Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi." Ýoh 3:16

2. Biziň meselemiz - aýralyk

Hudaý bilen awtomatiki usulda parahatçylykda bolmak mümkin däl, sebäbi biz Ondan biziň günämiz sebäpli aýyryldyk.

 

Mukaddes Kitap şeýle diýýär: "Sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular." Rim 3:23 

3. Hudaýyň çözgüti - haç

Taňrynyň söýgüsi Hudaý bilen seniň arasyndaky boşlugyny aýyrýar. Isa Mesih haçda ölüp, gabyrdan direlende, günäleriňiziň jezasyny Özüne çekdi.

 

Mukaddes kitapda şeýle yazyldy: "Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz." 1 Pet 2:24

IMG_2663.JPG

4. Biziň jogabymyz - Isa Mesihi öz ýüregiňize kabul ediň

Şahsy çakylyk bilen Mesihi kabul edeniňizde köprüden Hudaýyň maşgalasyna geçýärsiňiz.

 

Mukaddes kitap şeýle diýýär: "Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi." Ýoh 1:12

Isa Mesihi kabul etmek üçin bu 4 zatlary etmeli:

1. "Men günäkär" diýip öz ruhy zerurlygyňyzy düşüniň.

2. Toba ediň we günäňizden ýüz öwürmäge taýyn boluň.

3. Isa Mesihiň siziň üçin haçda ölendigine ynanyň.

4. Isa Mesihi doga bilen ýüregiňize we durmuşyňyza kabul ediň.

 

Isa Mesih şeýle diýdi: "Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer." Aýn 3:20 Hem-de Mukaddes kitapda şeýle yazyldy: "Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar»." Rim 10:13

Image by Marcos Paulo Prado

NÄDIP DOGA ETMELI?

Reb Hudaý, men günäkärdigimi bilýärin. Günälerimden ýüz öwrüp, Senden bagyşlanmagyny isleýärin.

 

Isa Mesihiň Seniň Ogluňdygyna ynanýaryn.

 

Onuň günälerim üçin ölendigine we Ony direldendigine ynanýaryn.

 

Onuň ýüregime girmegini we durmuşymy dolandyrmagyny isleýärin.

 

Isa Halasgärim hökmünde ynanmak we şu günden başlap Rebbim hökmünde Onuň yzyna düşmek isleýärin.

 

Isanyň ady bilen, omyn!

bottom of page